Turkmenportal logo
17.07.24
1196411964
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwany güýçli çabga basdy
Surat: gazeta.ru

Güýçli çabga Russiýanyň paýtagtynyň birnäçe etrabyny gark etdi, ony ýerli ýaşaýjylar wideo düşürip, internetde ýerleşdirdiler diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.


Wideogörnüşlerde moskwalylaryň dyzyňa ýetýän suwda durandygy görünýär, olaryň ýanynda suwa gark bolan awtoulaglar bar.


Mundan öň ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi golaý günlerde Moskwada güýçli yssy boljakdygyny duýdurdy. Paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna güňüň dowamynda köçede suw içmek hem-de mümkingadar saýaly ýerlerde bolmak maslahat berildi.


Russiýanyň Howa maglumaty merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand Moskwa oblastynda yssy howanyň hepdäniň aýagyna çenli dowam etjekdigini habar berdi.