Türkmenistanda 2024-nji ýylda 15 926 dalaşgär talyplyga kabul ediler

10:0417.07.2024
0
1884

2024-nji ýylda Türkmenistanda jemi 15926 (şol sanda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça — 15303, magistr maksatnamasy boýunça — 623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303 (hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça 199) adam köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, munuň özi ýurtda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň netijesinde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň