Turkmenportal logo
12.07.24
2078420784
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory Orazow Parahat Orazmuhamedowiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Permany bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedow bellenilip, ol Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.