Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan TOPH taslamasy boýunça amaly işlere başlaýar

11:2711.07.2024
0
5996

Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow 10-njy iýulda Kabulda ýurduň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy. Duşuşykda diplomatlar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň gidişi we geçirijiligini artdyrmak mümkinçiligi barada pikir alyşdylar. Bu barada «Alemarah English» ministrlige salgylanyp habar berdi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerine-de seredildi, şol sanda Turgundy stansiýasynyň üstaşyr geçirjiligini we ulag aragatnaşygyny giňeltmek mesele boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem Hyrat welaýatyndaky «Nur-Jihad» kiçi bekedi barada durlup geçildi.

Daşary işler ministri Owganystanyň TOPH taslamasy bilen baglanyşykly galan meseleleri çözjekdigine umyt bildirdi. Amir Han Muttaki degişli owgan bölümleriniň TOPH taslamasy üçin zerur hukuk resminamalarynyň hemmesini tamamlaýandyklaryny we gaz geçirijisiniň gurluşygyna taýynlyk görýändigini aýtdy. Şeýle hem, owgan administrasiýasynyň Turgundy gury ýer portunda demir ýol desgalaryny ösdürmegiň üstünde işleýändigini we ýakyn wagtda Türkmenistana bu wagtda täze maglumatlaryň beriljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň