Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly alyndy

23:3908.07.2024
0
8104
Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly alyndy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen ýerlerde ekine ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi hem-de ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.

Bu işler bilen birlikde, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Häkimler ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän bugdaý oragynyň talabalaýyk geçirilmeginiň, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de häkimlere ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurduň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy.

Hasabatda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek we ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygy barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde, ýurtda azyk bolçulygynyň döredilýändigini we bu ugurda gallaçy daýhanlaryň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenmäge mynasypdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň