Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewro ― 2024: Fransiýany awtogol, Portugaliýany jerime urgulary çärýekfinala alyp çykdy

12:3302.07.2024
0
11850

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň 1-nji iýulda geçirilen duşuşyklary hem garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy. Belgiýanyň ýygyndysynyň awtogol sebäpli ýaryş bilen hoşlaşmagy gijäniň esasy aýratynlyklarynyň birine öwrüldi.

Fransiýa ― Belgiýa duşuşygynyň ykbalyny 85-nji minutda belgiýaly goragçy Ýan Wertongeniň öz derwezesine geçiren pökgüsi kesgitledi. Şeýlelikde, Wertongen şu yklym çempionatynda öz derwezesine gol geçiren 9-njy futbolçy boldy.

Portugaliýa bolsa Sloweniýany 90 minutda-da, goşmaça ýarym sagatda-da utup bilmedi. Ahyrsoňy oýnuň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Tutuş oýnuň dowamynda gahrymanlaşan Sloweniýanyň kapitany we derwezeçisi Ýan Oblak jerime urgularynyň birini hem saklap bilmedik bolsa, oýnuň dowamynda käbi kösençlik çekmedik Portugaliýanyň derwezeçisi Diego Kosta üç jerime urgusyny hem saklap, milli ýygyndyny çarýekfinala alyp çykdy.

Indi çärýek finalda Ronaldu ―Mbappe ýa-da Portugaliýa ― Fransiýa duşuşygyny synlarys. Bu duşuşyk 5-nji iýulda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň