Turkmenportal logo
27.06.24
1317113171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar pişikleriň noutbugyň üstünde ýatmagy halaýandygynyň sebäbini anykladylar
Surat: vfokuse.mail.ru

Pişik eýeleriniň köpüsi olaryň noutbugyň düwmeleriniň ýa-da gapagynyň üstünde ýatmagy halaýandyklarynyň az şaýady bolmadylar. Olar şeýle etmek bilen, öz eýelerine işlemäge pasgel berýärler. Henize çenli olaryň bu häsiýetiniň sebäbi näbellidi. Emma indi haýwanlaryň psihologiýasy boýunça hünärmen, doktor Dewid Sends munuň sebäbini düşündirdi diýip, BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Mail.ru» ýazýar.


Bu ugurda geçirilen barlaglar pişikleriň şeýle etmek bilen, öz eýelerine öýkünýändigini görkezdi. Ýagny bu öý haýwanlary öz bedenlerini adamlaryň bedenleri bilen deňeşdirip, olaryň edýän hereketlerini gaýtalaýarlar. Emma olar öz eýesi ýaly noutbukda hat ýazmagy başarmaýarlar. Şonuň üçin eýesi başga noutbuk hödürlese-de, ýüz öwürýärler.


Sends haýwanlaryň noutbuga söýgüsiniň esasy sebäbiniň eýesiniň ysydygyny aýdýar. Olar eýesiniň ysyny halaman, tersine, onuň ornuny öz ysy bilen çalyşmak isleýärler.
«Adamlar pişikler özleriniň galtaşan zatlaryna gysmyljyrap, eýesine söýgüsini aňlatmak isleýär diýip, pikir etmek bilen ýalňyşýarlar. Emma aslynda pişikler hemme ýerde häkimlik sürmegi halaýan jandarlardyr. Olar üçin siziň golaýyňyzdan mümkingadar köp geçip, öz ysyny galdyrmak ýakymlydyr» diýip, Dewid Sends düşündirýär.