Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy

09:0316.06.2024
0
10165

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde "Arkaç" daýhan birleşigine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny kärendeçi doganlar Annaguly we Aşyrguly Annagulyýewler mähirli garşyladylar diýip, HHM habar berýär.

Daýhanlar döwlet Baştutanynyň ak patasy bilen, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda sebitde bugdaý hasylyny ýygnamak işlerine girişilendigini bellediler. Kärendeçiler Prezident Serdar Berdimuhamedowdan ýetişdiren bugdaý hasylyny ýygnap almaga başlap berip, ak pata bermegini haýyş etdiler.

Döwlet Baştutany “Bismilla” diýip, biraz bugdaý ordy we bol hasyl ýetişdiren zähmetkeş daýhanlara ak pata berdi. Soňra döwrebap, kuwwatly kombaýnlar bugdaý oragyna girişdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ekin meýdanlarynda kuwwatly tehnikalaryň işine syn etdi we gök önümleriň, miweleriň, däne ekinleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýaş kärendeçiler Annagulyýewler bilen söhbetdeşlikde olaryň iş şertleri, ekýän ekinleriniň görnüşleri we ekin meýdanlarynyň öndürijiligi bilen gyzyklandy.

Daýhan doganlar 2020-nji ýyldan bäri ekerançylyk bilen meşgullanýandyklaryny aýtdylar. Olardan Annaguly şu ýyl 64 gektardan 256 tonna bugdaý ýygnamagy meýilleşdirýär, şeýle hem pagta, ýeralma we gök önümleri ýetişdirýär. Aşyrguly bolsa 15 gektar ýere gowaça, 4,3 gektar ýeralma we 4 gektar gök ekinleri ekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylandygyny, munuň bolsa daýhanlaryň girdejilerini artdyrjakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany kärendeçilere ýetişdiren bol hasyllary üçin sowgatlary gowşurdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň häkimine sebitiň ilaty üçin sowgat berilýän 200 sany täze, döwrebap awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň