Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde 8 sany 4 gatly täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

09:4006.06.2024
0
19518

Türkmenistanyň demirgazyk sebiti — Daşoguz welaýatynyň merkezi Daşoguz şäherinde täze, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si açylyp ulanmaga berildi. Bu barada TDH habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulan öýleriň açarlary bagtyýar maşgalalara dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täze, dört gatly jaýlaryň dördüsi umumylykda 80 öýli bolup, olar welaýat merkeziniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Alp Arslan köçesiniň kesişýän künjeginde bina edildi. Olaryň gurluşygy Daşoguz şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Derkar» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy. Giň öýlerde balkonlar hem bolup, beýleki kömekçi otaglar göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň ýerzemin gatlarynyň dükanlara bölünip berilmegi ýaşaýjylar üçin goşmaça ýeňillikleri döredýär.

Dört gatly jaýlaryň ýene dördüsiniň her birinde 16 öý bolup, olar ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň Gülüstan şäherçesinde gurlup ulanmaga berildi. Desgalaryň buýrujysy hökmünde şäher häkimligi, potratçysy bolup Daşoguz «Demirbetonönümleri» kärhanasy çykyş etdi. Kömekçi potratçy hökmünde bolsa «Ak bagt» we «Nurly badalga» ýerli hususy kärhanalary çekildi. Täze gurlan binalar Daşoguz şäherinden Görogly etrabyna uzaýan awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Her biri üç we dört otagdan ybarat ýokary amatlykly öýlerde ýaşamak üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir.

Täze jaýlar şäheriň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Olaryň gurluşygynda ýokary hilli, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri peýdalanyldy. Jaýlaryň töwerekleri abadanlaşdyryldy, ekologik talaplar göz öňünde tutulyp, ýaşyl zolaklar emele getirildi.

Açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Bu gün demirgazyk sebitiň bagtyýar maşgalalary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Olar uly şatlyk-şowhun bilen jaý toýlaryny toýladylar. Asylly däbe görä, täze binalaryň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken işçi-hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň