Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da 700-den gowrak Kaýl atlylar dünýä rekordyny goýup bilmedi

12:3825.05.2024
0
12830

Amerikanyň Tehas ştatyndaky Kaýl şäherinde dünýä rekordyny goýmak ugrundaky tutum şowsuz tamamlandy. Bu ýerdäki seýilgähe Kaýl atly 706 adam ýygnandy, olar muny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek islediler. Emma Iwan atlylardan ýeňildiler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Bu Kaýl atlylaryň dünýä şöhratyna eýe bolmakda ilkinji synanyşygy däl. 2023-nji ýylda hem şeýle atlylaryň 1490 sanysy bir ýere ýygnandy. Emma olara Bosniýanyň şäherleriniň birinde 2017-nji ýylda 2325 sany Iwanyň goýan rekordyny ozmak başartmady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň