Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky täze «Telwas» koworking merkezi — üstünlikleriň we täze mümkinçilikleriň açary

12:1125.05.2024
1
19076

Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän, işlemek, işewürlik duşuşyklaryny, okuw maslahatlaryny hem-de treningleri geçirmek üçin oňaýly gurşaw bolan «Telwas» koworking merkezi müşderilere gapylaryny giňden açdy.

Her bir bölegi amatlylyk we önjeýli zähmet üçin göz öňüne tutulan döwrebap «Telwas» iş meýdançasy myhmanlary öňdebaryjy mümkinçilikler bilen utgaşdyrylýan etniki äheň bilen garşylaýar.

Iş meýdançalarynyň köpdürlüligi:

- Ümsüm we ünsli işlemek üçin ýakymly kitaphana burçy;

- tanyşdyryşlary we işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin niýetlenen mejlisler zalynyň bolmagy;

- has ünsüňi jemläp işlemäge ýardam edýän ses izolýasiýasy we ses ýitiriji özboluşlylygy bolan özbaşdan aýry-aýry kabinalar;

- dürli geçirip boljak iş ýerli açyk meýdança.

Koworking merkezi işiň we tanyşdyryşyň netijeli bolmagy üçin onlaýn aragatnaşygyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Telwasyň» hünärmenleri bu ýere gelýänleriň gyzyklanmalary bilen bagly islendik sowallaryna jogap bermäge, olar üçin hyzmatlaryň göwnejaý bolmagy üçin zerur şertleri döretmäge taýýardyr.

Häzirki zaman iş ýerlerinden başga-da, koworking merkezi köp sanly içgileri hem işdäaçarlary özünde jemleýän rahat bar hyzmatyny-da hödürleýär. Bu ýerde dynç alyp, kärdeşleriň bilen söhbetdeşlik edip hem-de iş ýadawlygyňdan saplanyp bolýar.

«Telwas» bilelikdäki döredijilikli we önjeýli hyzmatdaşlyk gurşawyndan lezzet almagy teklip edýär. Täze koworking merkezinde her kim öz kesbini, şeýle-de öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin täze şertleri tapar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Gurtly ýaşaýyş toplumy, 32/1 jaý;
  • elektron poçta salgysy: telwaswork@gmail.com;
  • telefon belgisi: (+993 12) 97 07 90;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň