Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkezi Koreýanyň MMG-si tarapyndan iň gowy merkez diýlip ykrar edildi

12:4623.05.2024
0
12763

Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy (MMG) Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde işleýän Maglumat elýeterliligi merkezini (MEM) geçen ýylda geçiren işleriniň netijeleri boýunça, dünýäniň 56 ýurdunda hereket edýän şunuň ýaly merkezleriň arasynda «2024-nji ýylyň iň gowy merkezi» diýip ykrar etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu merkez Koreýa Respublikasynyň Ylym, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň MMG-si bilen hyzmatdaşlykda döredildi.

MMG-niň Aşgabat Maglumat elýeterliligi merkezine iberen haty bu ajaýyp üstünlik bilen gutlagy we 2024-nji ýyldaky maglumat elýeterliligi merkeziniň (MEM) dolandyryjy okuw meýilnamasyna gatnaşmaga çakylygy özünde jemleýär.

27-nji maý – 8-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynyň Milli Maglumat jemgyýetiniň guramasynyň Seulda geçiriljek okuwyna dokuz ýurduň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Maglumat elýeterliligi merkeziniň işgärleri gatnaşarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň