Meksikany heniz görülmedik jokrama yssy howa basdy diýip, «24KZ» ýazýar. Termometriň sütünjigi ähli sebitlerde 45 gradusdan hem ýokary temperaturany görkezýär. Yssy howa zerarly çirkin sesli maýmynlar heläk bolýarlar, olaryň gyrlyp gutarmagy daşda däl. Özem olaryň köpüsi baglaryň şahalarynda oturan ýerinden jansyz patlap, ýere gaçýarlar.
Diňe soňky hepdede Tabasko ştatynda maýmynlaryň 85-si heläk boldy. Galanlaryny ýerli meýletinçiler halas etmek üçin göreşýärler. Olar maýmynlaryň ýaşaýan tokaýyna miweleri we suwly bedreleri eltýärler. Käbirlerini ýörite saklawhanalara eltip, tä doly gutulýançalar ideg edýärler.