9-njy maýda agşam Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabara gurady.
Russiýanyň ilçihanasynyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, dabara Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, medeni işgärler, işewür toparlar we Türkmenistanda ýaşaýan rus raýatlary gatnaşdy.
Çäräniň hormatly myhmanlary Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary Sergeý Tewosowiç Agamýan, Ýelena Timofeýewna Oganisýan, Antonina Pawlowna Prýaniçnikowa we Galina Alekseýewna Mamedowa boldy.
Myhmanlara uruş döwründe Türkmenistanda neşir edilen wagyz-nesihat häsiýetli afişalarynyň sergisi görkezildi.
Russiýanyň ilçisi Iwan Wolinkin ýygnananlar bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanyň taryh barada alada edýändigini we onuň nusgalykdygyny belledi.
Rus diplomaty Ýeňiş güni mynasybetli şeýle çäreleriň geçirilmegini goldaýandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.