Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

03:2623.04.2024
0
8963

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.

Şu ýyl welaýatlarda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar.

Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda hem ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Häkimler şeýle hem ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de häkimlere gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmegi we bellenen möhletlerde tamamlanmagy, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn döredip biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň