Türkmenistanyň Prezidenti «Galkan» toparynyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly atlary dakdy

23:2821.04.2024
0
8246

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý toparynyň tälimçilerine we türgenlerine hormatly atlar dakyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, toparyň tälimçisi Meýlis Kulyýew bilen kömekçi tälimçisi Ilýas Weliýewe «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi», toparyň türgenlerine bolsa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen atlar berildi.

Halkara ýaryşyň 15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilendigini ýatladýarys. 10 döwletden 10 toparyň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşda «Galkan» topary çempion boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň