Şu ýyl Parižde geçjek Olimpiýa oýunlaryna 250 müň petek onlaýn-satuwa çykaryldy diýip, «24KZ» habar berýär.
Petekler sportuň at çapyşyklary, suwa ýüzmek, sport gimnastikasy, plýaž woleýboly, tennis we stolda oýnalýan tennis, dzýudo we welosport, şeýle hem ýeňil atletika ýaly görnüşlerine satylýar.
Olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň maglumatlaryna görä, ýaryşlaryň ähli görnüşleri üçin petekleriň nyrhy elýeterli bolmaly. Olaryň takmynan ýarysyna golaýynyň bahasy 100 ýewrodan az bolar.
Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň petekleri Parižde ýörite resmi internet meýdançada satylýar. Bu dünýäde ilkinji gezek petekleriň internet arkaly satuwydyr hem-de dünýäniň ähli ýerinde elýeterlidir.
Oýunlara 10 million petek satylar.