Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär

02:0212.04.2024
1
10153

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Forumda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 86 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, bu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezdi. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurduň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Ýeňil bolmadyk häzirki şertlerde Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň öz wagtynda öňe sürlendigi äşgär görünýär.

Forumda sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç çykyş edip, Baş Assambleýa tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralýan maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, munuň özi hemmeleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, dialogy we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar. Bu ýörelgeler ählumumy durnukly geljegiň maksatlaryna ýetmekde möhüm serişde bolup çykyş edýär.

Iwana Žiwkowiç çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze çykyşynyň başynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen we Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu düzüm sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, durnukly ösüşe ýardam etmek bilen bagly derwaýys meseleleri çözmekde Merkezi Aziýa döwletlerini we Birleşen Milletler Guramasyny özara baglanyşdyrýan netijeli gurala öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde parahatçylyk medeniýetiniň ilerledilmegine gönükdirilen tagallalary hemişe yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Çykyşynyň ahyrynda Kaha Imnadze Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mundan beýläk-de parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, adam hukuklary ýaly esasy ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalarydyr taslamalary amala aşyrmakda has ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de tagallalary utgaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berildi. Ol çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň dialog we ynanyşmak arkaly parahatçylygy ýola goýmak boýunça yzygiderli tagallalarynyň dünýä derejesinde uly ykrarnama eýe bolýandygyny, döwletiň BMG bilen milli we halkara derejede alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ýurduň parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny, Türkmenistanyň milli derejede ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatlary bilen utgaşdyrmak arkaly döwletleriň we halkara guramalaryň arasyndaky sazlaşykly hyzmatdaşlyk esasynda parahat, birek-birege ynanyşykly dünýäni gurmagyň nusgasyny görkezýändigini we BMG-niň edaralary bilen özara gatnaşyklar arkaly gapma-garşylyklaryň öňüni almak, dialogy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalara yzygiderli goşant goşýandygyny belledi.

Maslahatyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor hem çykyş etdi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary we sebitleýin wekili Wiorel Gusu, BMG-niň Ýewropada we Merkezi Aziýada Durnukly ösüş maksatlaryny utgaşdyrmak boýunça sebitleýin direktory Gwi-Ýeop Son sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Soňra forum öz işini bölümçelerde dowam etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň