Turkmenportal logo
04.04.24
1172711727
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäde iň uzak ýaşly adam Wenesuelada aradan çykdy
Surat: ren.tv

Dünýäde iň uzak ýaşly Huan Wisente Peres Mora 2-nji aprelde 114 ýaşynda Wenesuelada aradan çykdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Nikolas Maduro habar berdi diýip, «Ren.tv» ýazýar.


2022-nji ýylyň fewralynda Mora Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi hökmünde girizildi.


Prezident Maduro özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda onuň ýakynlaryna we ýaşaýan El-Kobre şäheriniň ähli ýaşaýjylaryna gynanç bildirdi.


«El Nacional» gazeti Peres Moranyň öýken-dem alyş ýolunyň keselinden aradan çykandygyny habar berdi.


Huan Wisente Peres Mora 1909-njy ýylyň 27-nji martynda doguldy, ol maşgaladaky on çaganyň biridi. Onuň özüniň 11 çagasy bardy.


Peres Mora uzak ýaşamagynyň syryny hemişe zähmet çekendigi, doly bahaly dynç alandygy, ir ýatandygy bilen düşündirdi.