«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnunyň senesini yglan edildi

15:3702.04.2024
0
14568

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýarymfinal tapgyrynyň we final oýnunyň geçiriljek senelerini yglan etdi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.

Oňa laýyklykda, ýarymfinal oýunlary 17-nji we 19-njy aprel günleri, final oýny bolsa 8-nji maýda geçiriler.

2023-2024-nji okuw ýylynyň başyndan bäri geçirilen sekiz sany saýlama oýnuň netijelerine esaslanyp, iň zehinli we başarnykly ýarymfinalçylaryň 16-sy öňe saýlandy.

Iki ýarymfinal oýunlarynyň hersine mekdep okuwçylarynyň 8-si gatnaşar. Her ýarymfinalda 4 ýeňijä — jemi 8 oýunça final tapgyryna gatnaşmak hukugy berler.

Guramaçylaryň pikirine görä, bäsleşigiň bu tapgyry has çekeleşikli bolup, onuň dowamynda ýiti zehinli okuwçylar ýüze çykarylar. Mundan başga-da, wideo aragatnaşygy arkaly ýaş çaparlara alymlar toparlarynyň we raýatlaryň taýýarlan gyzykly sowallary berler.

Ýeri gelende bellesek, gatnaşyjylaryň jemleýji oýunlara ýokary hilli taýýarlyk görmekleri üçin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň esmi web sahypasynda maslahat berilýän edebiýatlaryň giň sanawy ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň