Top.Mail.Ru

Arhiw

Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy

12:2202.04.2024
0
12374
Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy
Surat: mir24.tv

Alymlar soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleriniň düşünmek üçin aňsat bolandygy barada netijä geldiler, olaryň söz baýlygy hem pese gaçdy. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Hünärmenler munuň üçin rep, kantri, pop, ritm-n-blýuz we rok görnüşlerindäki iňlis dilli aýdymlaryň tekstlerini seljerdiler. Ähli aýdymlar 1980-2020-nji ýyllar aralygynda goýberilipdir.

Birinji tapgyrda 350 müňden gowrak aýdymy öwrenenlerinde, alymlar tekstleriň kesgitli bir döwre we görnüşe degişli häsiýetnamalaryny seljerdiler. Soňra olar 12 müň aýdymyň mysalynda ýüze çykarylan häsiýetnamalar bilen aýdymlaryň meşhurlygynyň arasyndaky baglanyşygy barladylar.

Alymlar aýdymlaryň sözleriniň ýönekeýleşmegini ony iş bilen güýmenilýän wagty goşmaça fon hökmünde diňlenilýändigi bilen baglaýarlar. Ýagny hiç kim aýdymy üns berip diňlemeýär.

Ylmy-barlaglaryň dowamynda aýdymlaryň sözleriniň has duýguçyl we şahsy häsiýetli bolandygy anyklandy, olarda gahar-gazap bilen bagly sözler hem köpeldi diýip, «Scientific Reports» neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň