Golaýda Belarusyň Ähliumumy haryt biržasynyň daşary ykdysady işjeňlik bölüminiň başlygy Aleksandr Başlýa Aşgabatda boldy. Bu sapar Türkmenistanyň işewür toparlary bilen geljegi uly ugurlary ösdürmek maksady bilen guraldy — diýip, Belarusyň Ähliumumy haryt biržasy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl Belarusyň Älhliumumy haryt biržasy eksport mümkinçiligini artdyryp, Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Şunda hasaplamalar boýunça türkmen bazarynda has ýokary isleg bildirilýän zatlara agaç, şeker, süýt önümlerine uly üns berildi.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň 14-e golaýy agaç satyn almak üçin alyş-çalyş mehanizmini ulanýan belarus biržasynda akkreditasiýa edildi. Şundan ugur alyp, bu önümleriň alyjylaryny köpeltmek, şeýle hem işewür toparlar bilen beýleki geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň Minsk bölüminiň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen saparyň çäginde Türkmenistanyň agaç we azyk senagaty kärhanalary bilen import edijileriň arasynda birnäçe duşuşyk geçirildi.
Belarusyň Ähliumumy haryt biržasynyň wekili Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasyna hem baryp gördi. Hormatly myhmanyň gatnaşmagynda TDHÇMB-niň nebithimiýa, oba hojalygy, ýeňil senagaty, gurluşyk we mehaniki inženerçilik önümlerinde we beýlekilerde alyş-çalyş söwdalary guraldy.
Netijede özara bähbitli taraplary nazara alyp geçirilen gepleşikleriň dowamynda elektron alyş-çalyş söwda pudagy boýunça uly tejribe gazanyldy.