Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek Nowruz baýramy bellenilýär

10:1421.03.2024
0
17463

Halkara Nowruz güni özboluşly milli däp-dessurlara laýyklykda, Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli dabaralar bilen bellenýär. Bu ýyl Milli bahar baýramy täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Halkara Nowruz gününe bagyşlanan medeni maksatnamada bellenen çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen «Ýaşyl begres düşäp jümle-jahana, bu gün gül Watana Nowruzym geldi» atly baýramçylyk duşuşygy boldy.

Duşuşykda syýasy partiýalaryň we şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, bu gadymy baýramyň ähmiýetini, onuň halklaryň asudalygyny, agzybirligini we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän däp-dessurlaryny bellediler. Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk dabarasynyň bezegi boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň