Astrahanda Türkmenistanyň konsullygynyň gatnaşmagynda Nowruz baýramy mynasybetli dabara geçirildi

21:1920.03.2024
0
10509

Şu gün — 20-nji martda W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň binasynda Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsullygynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynyň çäginde sergi-ýarmarkasy guralyp, onda dürli döwletlerden bolan talyplar öz halklarynyň medeniýeti, medeni gymmatlyklary, milli lybaslary, neşir önümlerini, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan diwarlyklary görkezilişe çykardylar.

Türkmen talyplary Türkmenistanyň konsullygyň goldaw bermeginde baýramçylyk sergisine gatnaşyjylaryň dykgatyna elde dokalan haly önümlerini, milli egin-eşikleri, türkmen el keşdelerini, kümüş şaý-seplerini hödürlediler.

Şeýle hem myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri we Türkmenistan hakyndaky maglumatlary özünde jemleýän beýleki neşirler bilen ýakyndan tanyş boldular.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda dürli halklaryň aýdym-sazlary diňlenildi, milli tanslara tomaşa edildi. Sahnada türkmen talyplary hem «Küştdepdi» tansyny, milli aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň