20-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:3820.03.2024
0
13489

Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi, Aşgabatda Nowruz baýramynda ýörite awtobus gatnawy hereket eder, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa gatnawynyň ýygylygyny artdyrar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine resmi taýdan iki ýyl doldy. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurduň taryhynda täze sahypany açdy. Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

2. Halkara Nowruz güni mynasybetli Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýörite awtobus gatnawy hereket eder. 21-nji martdan 72-lik belgili ýolagçy awtobusy «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry boýunça gatnawy amala aşyrar.

3. Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy ýaz-tomus meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar. 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli aralykda Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasynda gündelik uçuşlaryň sany bäşden alta çenli artar.

4. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew alkynyşyň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberdi. Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnukly ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow telefon arkaly Russiýanyň Prezidentiň Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň iň ýoary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Siziň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady we kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlaglaryny ýetirdi. Dünýäde

6. Russiýanyň sport žurnalistikasynyň meşhur hünärmeni Wasiliý Utkin 53 ýaşynda aradan çykdy. Çaklamalara görä, onuň aradan çykmagynyň sebäbi ýürek bilen baglanyşykly meseleleri boldy. Betbagtçylykdan biraz wagt öň Utkin Moskwanyň hassahanasyna ýerleşdirildi. Utkin 1994-nji ýyldan bäri telewideniýede işledi, köp sanly futbol gepleşiklerini alyp bardy we «NTV-Plýus», «NTV» hem-de beýleki rus teleýaýlymlarynda oýunlara teswir berdi. 2017-nji ýylda ol teswirçi karýerasyny tamamlaýandygyny habar berdi.

7. ABŞ-nyň San-Diýego şäherinde «Uly saç kesimi» atly giň gerimli haýyr-sahawat çäresi geçirildi. Çäräniň iki maksady bar: dürli keseller bilen göreşýän çagalara kömek etmek we saç sowgat bermek boýunça Ginnesiň rekordyny täzelemek. Bu çäre rak we alopesiýa ýaly keseller sebäpli saçlaryny ýitiren çagalar üçin parik öndürýän kompaniýa tarapyndan guraldy. Oňa saçlaryny topladyp kesdirmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan müňden gowrak adam gatnaşdy.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow şikes alandygy sebäpli Dünýä çempionaty-2026 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň mart aýynda geçiriljek duşuşyklarynda çykyş edip bilmez. Bu barada ýurduň milli ýygyndysynyň metbugat gullugy habar berdi. Habarda futbolçynyň türgenleşik wagtynda şikes alandygy barada aýdylýar. Mingazow giňişleýin barlagdan geçmek we tiz wagtda sagalmak üçin çykyş edýän toparynyň düzümine dolanyp barar. DÇ-2026-nyň martda boljak saýlama oýunlarynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Eýranyň ýygyndysyna garşy iki duşuşyk geçirer. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun 21-nji martda Tähran şäherinde, ikinji oýun bolsa 26-njy martda Aşgabatda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň