Turkmenportal logo
15.03.24
90789078
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklaryny giňelder
Türkmenistan halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklaryny giňelderSurat: orient.tm

2023-nji ýylda ýangyç-energetika toplumyny nazara almanyňda, Türkmenistanyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 71,3% göterime deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew Almatyda geçirilýän «B5 + 1» forumynda aýtdy.


Ministr öz çykyşynda: «Türkmenistan maýa goýum işlerini goldamak we amatly işewürlik gurşawyny döretmek üçin halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär»-diýdi.


Forumda bellenip geçilişi ýaly, soňky on ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2,5 esse artyp, 11 milliard dollara golaýlady.


Ozal hem habar berşimiz ýaly, 13 — 15-nji martda Gazagystanyň Almaty şäherinde ABŞ-Merkezi Aziýa formatynda (B5 + 1) ilkinji biznes dialogy geçirilýär.


Almatyda geçirilýän halkara forumyň dowamynda işewürlik çözgütleri we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylaýar.