Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar

23:3102.03.2024
0
19162

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşyp, onuň barşynda çykyş etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, çykyşyndan soňra, türkiýeli žurnalistler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň habarçysynyň energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky; Türkiýäniň «Anadoly» habarlar agentliginiň habarçysynyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi baradaky; şeýle-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) «TÜRKSOÝ» atly halkara žurnalynyň baş redaktorynyň sowallaryna jogap berdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň «TÜRKSOÝ» halkara žurnalynyň baş redaktorynyň: «Siziň pikiriňizçe, ýurduňyz haçan Türki Döwletleriň Guramasynyň doly hukukly agzasy bolar?» diýen sowalyna beren jogabynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Biz bitarap ýurt. Türki döwletlerde Türkmenistan synçy bolsa, ol gelişmeýärem. Hemmäňiz Oguzdan gaýdyp, Seljuga çenli geldiňiz, araňyzda türkmen ýok, dogrumy?! Onuň üçin, bärde biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinden gaýdyp, şonuň esasynda, ilki synçy hökmünde, a soň hem doly agzasy bolmaga hukugymyz bize bagly däl! Biz bitarap ýurt bolanymyz üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinden, düzgün-tertibinden hem kadasyndan çykmaga hakymyz ýok. Bu günki günde synçy bolsak hem, türki dilli döwletleriň soraglaryna gatnaşýarys – diýip belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ajaýyp ýyllaryň biridigini, onuň Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli beýik şahyra bagyşlanyp atlandyrylandygyny, şonuň üçin tä ýylyň soňuna çenli Türkmenistanyň toý toýlajakdygyny, oktýabr aýynyň 11-ine bolsa uly sammitiň geçiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow soňra Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hem şol sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigini aýdyp:

– Belkäm, nesip bolsa, şol sammitde biz agza bolaýmagymyzam mümkindir! – diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň