Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýyl gyş: Sloweniýanyň we Çernogoriýanyň şypahanalary garsyz galdy

10:1826.02.2024
0
13836
 Maýyl gyş: Sloweniýanyň we Çernogoriýanyň şypahanalary garsyz galdy
Surat: skigu.ru

Garaşylmadyk maýyl gyş pasly Sloweniýanyň we Çernogoriýanyň kurortlarynda lyžada typmagy kynlaşdyrdy, daglaryň köp bölegi gar örtüksiz galdy diýip, ýurduň jahankeşdelik pudagynyň hünärmenleri aýdýarlar. Bu barada «24KZ» ýazýar.

Munuň sebäbi garyň az ýagmagy we möwsüm üçin mahsus bolmadyk 10 gradus derejedäki maýyl howadyr. Netijede, jahankeşdeleriň sany görnetin azaldy. Hünärmenler ýagdaýyň öňdäki ýylda-da gaýtalanjakdygyny çaklaýarlar, bu bolsa işewürlige çynlakaý zyýan ýetirip biler.

Marinko Puriç, ýerli jahankeşdeliginiň wekili: - Gynansagam, bu gyş bizde ýekeje-de lyžada typylýan gün bolmady. Biz oňa 22-nji dekabrda başlaýardyk. Bu ýyl gar diňe daglaryň üstünde bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň