Türkmenistanyň Prezidenti Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara sowgatlary gowşurmak barada Buýruga gol çekdi

05:5124.02.2024
0
114081

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň 2 okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2024-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga şu gün – 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň