Turkmenportal logo
23.02.24
2115221152
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada iýmit eltip berme hyzmatyny edýän robot işläp başlar
Surat: 24.kz

«Uber Eats» onlaýn meýdançasy Ýaponiýada sargytçylara iýmit eltýän roboty işläp düzdi. Bu barada kompaniýanyň wekilleri habar berdiler diýip, «24KZ» ýazýar.


Roboty ýerli tehnologik startap döretdi. Ol alty kamera we öňdäki päsgelçilikleri tanaýan emeli aň ukyplary bilen üpjün edilendir. Enjam uzak aralykdan dolandyrylýar. Robot pyýadalar üçin ýodalardan sagatda bäş kilometr tizlik bilen hereket edip bilýär, päsgelçiliklerden sowlup, pyýadalara ýol berip bilýär, ýol yşyklarynda saklanýar.


Täze hyzmat martda işläp başlar. Şunlukda, Ýaponiýa ABŞ-dan soňra iýmit daşamak hyzmatynyň şeýle görnüşini ýola goýan ikinji ýurt bolar.