«Deňiz söwda floty» ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady

21:0519.02.2024
0
23764

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylda daşalan ýükleriň möçberi 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artyp, 2,26 million tonna deň boldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berdi.

Şeýlelikde, flotyň ýük daşamak boýunça 2023-nnji ýyl üçin ýyllyk meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, ýük dolanyşygy 948,675 million kiloetr tonna deň bolup, bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 17,2 göterim ýokarydyr. Şunlukda, 2023-nji ýylda ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 229,6 göterim berjaý edildi.

Ýolagçy gatnawy boýunça hem 53,9 göterim ösüş gazanylyp, bu ugurdaky görkeziji 9,185 million ýolagçy kilometre deň boldy. Şeýlelikde, ýyllyk meýilnama 255,5 göterim amal edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň