Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» PAK we «Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär

11:3219.02.2024
0
29870

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde ýük daşaýjylary dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny işe girizdi. Bu ulgam ýük daşaýjylara resminamalary has aňsat we çalt resmileşdirmäge hem-de Türkmenistanda ýükleri yzarlamaga ýardam berer.

Täze ulgam ýük daşamagyň bahasyny onlaýn hasaplamaga, zerur bolan resminamalary taýýarlamaga we ýüküň görnüşine baglylykda wagonlaryň görnüşini saýlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň çäginde wagonlaryň ýükli hereketini yzarlamak şerti hem ýola goýuldy.

Awtomatlaşdyrylan ulgamyň kömegi bilen ýük daşaýjylar indi resminamalary doldurmak we hasaplary almak işlerini onlaýn görnüşde amala aşyryp bilerler.

Ulgam hususy kärhanalar we döwlet tarapyndan üpjün edilýän guramalar üçin nyrhlara görä ýük daşamalarynyň çykdajylaryny tiz hasaplamaga, azyk önümlerinden gurluşyk materiallaryna çenli dürli harytlaryň ýerli, import, eksport we üstaşyr demir ýol gatnawlaryny amala aşyrmaga şert döredýär.

Trl.gov.tm web saýtynyň şahsy otagynyň amatly interfeýsi ähli iberijilere özbaşdak arzalary tabşyrmaga, wagonlaryň görnüşini saýlamaga, çykdajylary hasaplamaga hem-de ýükleri yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • (+993 12) 383924;
  • (+993 12) 383922.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň