Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we «Türkmen Logistika» assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. 9-njy fewralda bolan gol çekişlikde hyzmatdaşlygyň düýp gözbaşy taraplaryň ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna hem-de olaryň bilelikdäki işlerini amala aşyrmakdaky aç-açanlyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu barada portuň resmi saýtynda habar berildi.
Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny, halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak, taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.
Habarda bellenilişi ýaly, «Türkmen Logistika» assosiasiýasy hem Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirip, 150-den gowrak ulag we logistika kärhanasyny öz içine alýan birleşikdir.