Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mingazow ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra Messi bilen bolan söhbetdeşligi barada gürrüň gürrüň berdi

11:5705.02.2024
0
44379

Gonkongyň «Kitçi» toparynyň türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlarynyň «Inter Maýami» topary bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygyndan soňra dünýä çempiony, argentinaly ýyldyz Lionell Messi bilen bilelikde düşen suratyny paýlaşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongda geçirildi. Messi tutuş oýna ätiýaçlyk oturgyjynda tomaşa etdi we meýdança çykmady. Mingazow bolsa oýnuň birinji ýarymynda oýnap, arakesmede çalşyryldy. Oýun Dewid Bekhemiň toparynyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýun tamamlandan soňra Ruslan Mingazow argentinaly rowaýaty oýunçy bilen gürrüňdeş boldy we onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

«Oňa özümiň Türkmenistandandygym, biziň ýurdumyzda onuň janköýerleriniň köpdügini aýtdym. Şeýle-de geljekki karýerasynda üstünlik we şowlulyk arzuw etdim» diýip, Ruslan Mingazow bu baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň