Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar

17:0331.01.2024
0
32392

Daşary ýurtlaryň awiakompaniýalaryna degişli uçarlar Türkmenistanyp halkara howa menzillerinde tehniki gonuşlaryň 1601 sanysyny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 1019 sanysyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, «Turkish Airlines», «Сибирские авиалинии», «China Southern», «Flydubai», şeýle hem Lýuksemburgyň «Cargolux» awiakompaniýasynyň ýük uçarlary täjirçilik maksatly we tehniki gonuşlarynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Türkmen paýtagtyndaky halkara derejeli menzilde 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 1088-si, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 860-sy amala aşyryldy.

Türkmenabat halkara howa menzilinde bolsa geçen ýyl «MY Freighter» (Özbegistan), «Terra Avia» (Moldowa), «GEOSKY Airlines» (Gruziýa), «MNG Airlines» (Türkiýe) ýaly awiakompaniýalar tarapyndan tehniki gonuşlaryň 193 sanysy amala aşyryldy.

Türkmenbaşy halkara howa menzilinde bolsa «BELAVIA» awiakompaniýasy täjirçilik maksatly ýolagçy uçarlarynyň, «Volga-Dnepr» awiakompaniýasy bolsa tehniki gonuşlaryny amala aşyrdy. Menzil 2023-nji ýylda tehniki gonuşlaryň 229-syny, täjirçilik maksatly gonuşlaryň bolsa 114-sini kabul etdi.

Mary halkara howa menzili bu babatda «Moalem Aviation» LLC, «Sabsan Aviation» (Gyrgyzystan), «Abu Dabi Aviation» (BAE) we «Ruby Star» (Belarus) awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Menzilde 2023-nji ýylda tehniki we täjirçilik maksatly gonuşlaryň hersinden 45-si amala aşyryldy;

Şeýle hem Daşoguz halkara howa menzili geçen ýylda tehniki gonuşlaryň 46-syny kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň