Turkmenportal logo
04.01.24
2995329953
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine uçuşyň petegine 50% arzanlaşyk yglan etdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine uçuşyň petegine 50% arzanlaşyk yglan etdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli uly arzanlaşyk yglan etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.


«Hormatly ýolagçylar! «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli, diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ne ýerine ýetiriljek gatnawa 50% göterime çenli uly arzanladyş yglan edilýär» diýlip, habarda bellenilýär.


Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi şäherine hepdäniň anna güni uçuşlary amala aşyrýar. Arzanlaşyk yglan edilmezden ozal Abu-Dabi şäherine uçmak üçin bir tarapyň peteginiň bahasy 3942,3 manata deňdi.