Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi

11:4803.01.2024
0
33312

Koreýa Respublikasynda «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Miniň dört ýyllyk hökmürowanlygy tamamlandy. Ol 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurduň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilmedi.

Ýurduň Futbol assosiasiýasy 2023-nji ýyldaky netijeleri boýunça bu ada «Bawariýanyň» goragçysy Kim Min Jeni mynasyp gördi.

27 ýaşly futbolçy geçen möwsümde «Napoli» bilen Italiýanyň çempiony bolandan soňra, tomusda diňe bir Germaniýanyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň iň güýçli klublarynyň biri hasaplanylýan «Bawariýa» transfer boldy. Ol Mýunhen şäheriniň topary bilen Çempionlar ligasyndaky 6 duşuşygynda 5 ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň