Turkmenportal logo
21.12.23
6300363003
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Emin Rasen Aşgabatda konsert berer

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda asly türkmen bolan eýranly meşhur aýdymçy Emin Raseniň baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.


Konsert 24-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.


Konsert sagat 18:00-da başlanar.


Konsertiň dowamynda eýranly meşhur aýdymçy Emin Rasen özüne meşhurlyk getiren aýdymlaryny ýerine ýetirer.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41


Ýeri gelende bellesek, Emin Rasen Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýär.


Mundan ozal, 25-nji dekabrda Aşgabatda türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konsertiniň geçiriljekdigini habar beripdik.