Turkmenportal logo
20.12.23
2230622306
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen Tähran konwensiýasynyň Sekretariatyny döretmek boýunça gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak üçin Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) Sekretariatynyň guralyşy boýunça resminamalaryň taýýarlanyşyny ara alyp maslahatlaşýan Ýörite bilermenler toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Mejlise Hazarýaka döwletleriniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdy.


Duşuşykda Tähran konwensiýasynyň Sekretariatynyň edaralaýyn mehanizmleri hem-de Hazar deňziniň suwunyň azalmagynyň meseleleri boýunça iş toparyny döretmek baradaky konseptual meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.