BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždaky ştab-jaýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.
15-nji dekabrda bolan dabara dünýäniň 7 ýurdundan 70-e golaý artist we 1500-e golaý tomaşaçy gatnaşdy.
Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, dabara TÜRKSOÝ-nyň baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş Konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, şeýle-de TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hemişelik wekilleri we ilçileri gatnaşdylar.
Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary we milli aýdymlary ýaňlanan, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli egin-eşiklere geýinen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen milli tanslary tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmen artistleri türkmen milli tansy «Küşdepdini» ýerine ýetirdiler.
2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň dowamynda «Küştdepdi» aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.