Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda möhletinden öňki Prezident saýlawlaryny geçirmek barada buýruga gol çekdi. Onuň ýazgysy döwlet Baştutanynyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, «Interfax.ru» habar berýär.
Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasyna möhletinden öňki Prezident saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Soňky gezek Azerbaýjanyň Prezidentiniň saýlawlary 2018-nji ýylyň ýazynda geçirildi. Kanunçylyga görä, ýurduň Prezidenti 7 ýyl möhlete saýlanýar.