Turkmenportal logo
30.11.23
1627016270
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabat pamyk egriji fabrigi nah ýüplükleriň 695 tonnasyny eksport etdi
Türkmenabat pamyk egriji fabrigi nah ýüplükleriň 695 tonnasyny eksport etdiSurat: textile.gov.tm

Türkmenabat pamyk egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi ýylsaýyn ýokarlandyrylýar.


Bu ýerde sarp edijileriň buýurmalary esasynda nah ýüplükleriň 14-lik, 17-lik, 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär diýlip, welaýat neşirinde habar berildi.


Fabrikde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda hem nah ýüplükleriň 2 müň 240 tonnasy taýýarlanylyp, 38 million 282 müň 37 manatlyk iş edildi.


Şeýle-de degişli döwürde nah ýüplükleriň 695 tonnasy, pul hasabynda bolsa 10 million 101 müň 969 manatlygy eksporta ugradyldy diýlip, habarda bellenilýär.