Top.Mail.Ru

Raşid Meredow Aşgabatda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

18:0429.11.2023
0
18582
Raşid Meredow Aşgabatda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça çalt depginde ösýändigini we iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrurlarynyň biri energetika hyzmatdaşlygy bolup durýandygy nygtaldy we bu ugurda Gaz hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki iş toparynyň alyp barýan işiniň wajyplygy beýan edildi.

Taraplar iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalary bilen işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde täsirli gural bolup biljek Türkmen-hytaý işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine hem seredip geçdiler.

Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlary maýa goýum pudagy, sanly we ýokary tehnologiýalar, himiýa senagaty we kosmos, şeýle hem oba hojalygy bolup durýar.

Söhbetdeşler ulag we logistika, şeýle hem medeni we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň