Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi

13:2729.11.2023
0
41446

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen Daşky gurşaw meseleleri boýunça köpçüligiň öňünde çykyş etmek boýunça 23-nji halkara bäsleşiginde (23rd Inter College Environmental Public Speaking Competition) Türkmenistana üstünlikli wekilçilik etdi.

Uniwersitetiň Halkara ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyplary Dawut Gurbanalyýewyň, Pirmuhammet Azadowyň, Maral Allaberdiýewanyň, Şabibi Nurlyýewanyň, Agaýusup Aşyrowyň we olaryň halypasy — Menejment kafedrasynyň öwreniji mugallymy Agajan Şasaparowyň topary «Ösýän energiýa zerurlyklary: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini üpjün etmek ýa-da nebite garaşlylyk» kategoriýasynda ikinji orny eýeledi. Ýigitlere ýörite diplom gowşuryldy diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän Daşky gurşaw meseleleri boýunça köpçüligiň öňünde çykyş etmek bäsleşigi her ýyl «Emirates environmental Group (EEG)» topary tarapyndan guralýar.

Bu gezekki bäsleşige Jemi dünýäniň 89 ýokary okuw mekdebinden 500 töweregi talyp gatnaşdy.

Bäsleşik toparlaýyn tertipde we garyşyk görnüşde, «Daşky gurşaw syýasaty we düzgünleşdirme: olar ýeterlikmi?», «Ösýän energiýa zerurlyklary: gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini üpjün etmek ýa-da nebite garaşlylyk», «Köpmilletli korporasiýalar: ynandyryjy ykdysady ösüş ýa-da daşky gurşawyň zaýalanmagy» we «Mikroplastika: görünmeýän kesel» atly mowzuklar boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň