Turkmenportal logo
29.11.23
2066020660
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda ýumrulan ötükde galan işçiler halas edildi
Hindistanda ýumrulan ötükde galan işçiler halas edildiSurat: gazeta.ru

Hindistanyň demirgazygyndaky Uttarakhand ştatynda ýykylan ötükde galan işçileriň ählisi halas edildi diýip, «Ani» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.


«Silkýardaky ötükde galan işçileriň 41-si halas edildi» diýlip, habarda aýdylýar.


Ötük 12-nji noýabrda ýumruldy, 17 günläp onuň içinde gurluşykçylaryň 41-si galdy. Şu döwürde halas edijiler olar bilen aragatnaşyk saklap, iýmit, suw we ýörite turba arkaly kislorod geçirdiler.