Soňky habarlar

Arhiw

«Memorial» hassahanalar zynjyry – Türkiýäniň iň iri lukmançylyk merkezi

11:0725.11.2023
0
34935

«Memorial» hassahanalar zynjyry (Memorial Hospitals Group) dürli keselleri bolan näsaglaryň ýagdaýyny anyklamak, bejermek we saglygyny dikeltmek boýunça dünýä derejesindäki lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär.

«Memorial Hospitals Group» – bu Türkiýäniň iň uly şäherlerinde, şol sanda Stambulda, Ankarada, Izmirde, Antalýada we beýlekilerde ýerleşýän 12 sany ýokary tehnologiýaly hassahanalardyr. Olarda 1500-den gowrak tejribeli lukman işleýär. «Memorial» hassahanalar zynjyrynyň hyzmatlaryndan her ýylda dünýäniň dürli ýurtlaryndan 3 milliondan gowrak näsag peýdalanýar.

Berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýändigi güwänamalar bilen tassyklanýar: JCI Halkara hil we ygtybarlylyk güwänamasy, saglygy goraýyş pudagynda dünýäde ilkinji platina «Leed» güwänamasy we ş.m.

«Memorial» zynjyrynyň hassahanalary keselleri ýokary takyklykda anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýän iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Robotlaşdyrylan hirurgiýa ulgamlary, iň täze wizuallaşdyrma tehnologiýalary, oşeýle hem nkologiýa, ýürek-damar kesellerini, transplantologiýany we beýleki ugurlary bejermegiň innowasion usullary peýdalanylýar.

«Memorial Hospitals Group» zynjyrynyň esasy ýöriteleşen ugurlary: oftalmologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, ortopediýa we trawmatologiýa, onkologiýa, kardiohirurgiýa, gastroenterologiýa, gematologiýa we ş.m.

Türkmenistanly hassalara amatlylyk üçin «Memorial» hassahanalar zynjyry aşakdaky hyzmatlary hödürleýär: howa menzilinde garşy almak, myhmanhanadan hassahana we yzyna alyp gitmek, şeýle hem türkmen dilini bilýän terjimeçi hyzmaty.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň