Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hökümet mejlisinde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 25-nji noýabrynda geçiriljek dördünji maslahatyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky» Kanunyň hem-de «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna seretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de birnäçe kodekslere we beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky kanunlaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kanunlar işlenip taýýarlananda döwletiň alyp barýan syýasatyna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şeýle hem kanunlary kämilleşdirmek işlerini mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine üns çekildi.
Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri, döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenilýän teklipler barada hasabatlary berdiler.
Şeýle-de mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew bolsa harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli ulgamlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Parižde ýerleşýän merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnama kabul edildi. Şol Kararnamada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan teklip edilen «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» senesi hem bar.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, türkmen halkynyň we ýurduň abadançylygyny üpjün etmäge, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, hemmeleri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de gülläp ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.