Türkmen wekiliýeti BGG-niň Hemişelik Tehniki komitetiniň sessiýalaryna gatnaşdy

17:2203.11.2023
0
25769
Türkmen wekiliýeti BGG-niň Hemişelik Tehniki komitetiniň sessiýalaryna gatnaşdy
Surat: customs.gov.tm

24 — 26-njy oktýabrda türkmen wekiliýeti Bütindünýä gümrük guramasynyň Brýusseldäki ştab-kwartirasynda geçirilen Hemişelik tehniki komitetiň 241/242-nji sessiýalaryna gatnaşdy. Wekiliýete Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi diýlip, Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasynda habar berildi.

Sessiýalara Bütindünýä gümrük guramasynyň başlygynyň orunbasary Rikardo Trewinýo Çapa başlyklyk etdi. Sessiýada ýylyň dowamynda Bütindünýä gümrük guramasynyň çäklerinde geçirilen konferensiýalaryň, sessiýalaryň hem-de duşuşyklaryň jemleri boýunça Guramanyň Sekretariatynyň wekilleriniň hasabatlary diňlenildi. «Serhetleriň arasyndaky kadalaşdyryjy özara arabaglanyşyk», «Elektron söwda», «Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek şertnamasy», «Ýaşyl gümrük» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gümrük edaralary, Ýaşyl gümrük başlangyjy boýunça berilýän utgaşdyrylan okuwlarynyň zerurdygyny we yzygiderli geçirilmegini teklip etdiler.

Sessiýalaryň dowamynda Gümrük edaralarynda sanly ulgamy hem-de tehnologiýany ösdürmek, gümrük işgärleriniň iş tejribelerini artdyrmak bilen bagly çykyşlar edildi.

Şeýle-de gender deňligi bilen bagly, ýagny serhetýaka gözegçilik geçiriş ýerlerinde aýal maşgalalaryň sanynyň artdyrylmagy hem-de gümrük barlagyny amala aşyrmakda olaryň tejribelerini artdyrmak bilen bagly çykyşlar diňlenildi.

Sessiýalara dürli ýurtlardan jemi 300-den gowrak adam gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň