Turkmenportal logo
03.11.23
2022420224
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pablo Pikassonyň meşhur eseri Nýu-Ýorkda satuwa çykarylar
Pablo Pikassonyň meşhur eseri Nýu-Ýorkda satuwa çykarylarSurat: 24.kz

Nusgawy suratkeş Pablo Pikassonyň iň hyrydarly nakgaşlyk eserleriniň biri Nýu-Ýork şäherinde satuwa çykarylar. Nakgaşyň «Sagatly zenan» atly eseri iň jedelli eseri hasaplanýar, hünärmenler onuň 120 million dollar bahadan satyljakdygyny çaklaýarlar.


1932-nji ýylda döredilen portret eseri kendiriň ýüzünde ýagly reňk bilen çekilendir, onda suratkeşiň söýgüli zenany Mari-Terez Walter şekillendirilipdir.


«Sotheby's» söwda-satyg öýüniň güýzki söwdalaşyklarynda şeýle hem XIX we XX asyrlaryň suratkeşleriniň hem-de häzirki zaman nakgaşlarynyň eserleri satuwa çykarylar diýip, «Habar 24» ýazýar.