Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurduň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen baglylykda, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ykjam telefonlar üçin «Sanly kart» programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bu programma üpjünçiligi «NFC» we «QR-kod» tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň banklarynda töleg ulgamlary kämilleşdirilýär, nagt däl tölegleriň gerimi giňeýär.
«Sanly kart» täze bank hyzmaty hem raýatlaryň ykjam telefonlary bilen töleg amallaryny geçirmeginde netijeli bolar diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere harytlar, hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň kämil we döwrebap bolmagyny gazanmagy tabşyrdy.